Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.
Türkmenistan döwletimizde ýaşlara bilim bermekde döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Jemgyýetimiziň umumyadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.
Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar.
Okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Şamyrat NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.