Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä dolan taglymaty bu günki günde külli adamzady barha özüne çekýär. Çünki Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu ynsanperwer syýasatda özüniň göterilen ykbalyny, nurana geljegini görýär. Türkmen Bitaraplygy öz köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar.
Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini çuňňur hem-de hertaraplaýyn açyp görkezýär. Şundan ugur alyp, dünýäde parahatçylyk diplomatiýasynyň gadymy halkymyzyň müdimi ýol-ýörelgesine öwrülendigini bellemek ýakymlydyr. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaý taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran «Ähdi-peýman şertnamasy» diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar» diýen gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şeýle anyk taryhy maglumatlar bize türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy dörediji güýjüniň gadymdan gözbaş alýandygyna göz ýetirmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen Bitaraplygy Parfiýa döwletiniň hökümdarlyk süren döwründe hem dünýä nusgalyk derejede belentlige göterilýär. Miladydan öňki III asyryň ortalaryndan miladynyň III asyrynyň birinji çärýegine çenli bolan uzak döwürde — 500 ýyla golaý wagtlap dowam eden Parfiýa döwleti bilen Rim imperiýasynyň arasynda baglanyşylan parahatçylykly şertnama hem Bitaraplygyň gadymyýetiň jümmüşinden gaýdýan berdaşly kökleriniň hut türkmen topragyndan gözbaş alýandygyny mälim edýär.
Türkmen taryhyna nazar aýlanymyzda, Bitaraplygymyzyň ata-baba ýol-ýörelgesiniň dowam etdirilip, onuň türkmen döwletleriniň her birinde asuda hem parahat durmuşa hyzmat etdirilendigini aýdyň görmek bolýar. Beýik seljuk türkmen döwletiniň alyp baran syýasaty bu hakykatyň anyk subutnamalaryndandyr. Bilşimiz ýaly, seljuk türkmenleri goňşy döwletler bilen parahatçylykly ýaşamaklyga aýratyn üns beripdirler hem-de her bir halkyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge çalşypdyrlar. Şu maksat bilen geçiren gepleşiklerinde özara oňşukly ýaşamaklygy esasy şert edip goýupdyrlar.
Görşümiz ýaly, türkmen Bitaraplygynyň gadymy kökleri gepleşiklere, ylalaşyklara, özara ynanyşmaklyga daýanýar. Hut şu ýörelgelerden ugur alýan Bitaraplyk syýasatymyzyň esasy maksadynyň halklary jebisleşdirmekden, oňşukly we birek-birege goldaw-hemaýatly ýaşamagy wagyz etmekden ybaratdygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň özara jebislikde dünýäniň asudalygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tagallalary parahatçylygyň tarapdary bolan kalby nurana her bir ynsanyň belent goldawyna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly şygarlarynyň älem paýhasyna öwrülmegi hem parahatçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýaşaýşynyň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini subut edýär.
Akmyrat REJEBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.