«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gojaman Hazaryň jana şypaly duzly we ýodly suwy, arassa howasy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurlup ulanylmaga berlen şypahana we sagaldyş-dynç alyş merkezleri bilen ildeşlerimiziň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär.
Bu ýerdäki 200 orunlyk «Awaza» şypahanasy häzirki zaman şypahana düzüminiň iň bir täze tehnologiýalaryny özünde jemleýär. Şypahanada saglygyny dikeldýänler üçin tebigy we lukmançylyk taýdan gaýtadan işlenen ýodly wannalary kabul etmäge giň mümkinçilikler döredilendir.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänler bu ýerde gaýykda seýil edip,, gözellikden lezzet alyp bilerler. Geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar üçin göz öňünde tutulan oýun desgalary we meýdançalary, şeýle hem maşgala bolup gezelenç etmek, dynç almak üçin gurlan seýilgähler we suw toplumlary ulynyň-kiçiniň iň bir baryp görmegi höwes edýän ýerlerine öwrülýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döwlet we halkara möçberli çäreleri guramaga örän amatly şertlere baýdyr. Halkara patahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 4-8-nji awgusty aralygynda bu ýerde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahayt ýurdumyza dünýäniň dürli künjeklerinden wekiliýet agzalaryny, hünärmenleri, žurnalistleri jemlär. Şunlukda, döwletimiziň, türkmen topragymyzyň abraý-şöhraty dünýä jemgyýetçiliginde, halkara giňişliginde ýene-de bir mertebe artar.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň
sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.