TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR ÝYGYNDYSY ILKINJI GEZEK FIDE-NIŇ TOP-50 GÖRKEZIJISINE GIRDI

Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndy topary ilkinji gezek dünýäniň TOP-50 görkezijisine girip, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň netijesi boýunça Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) her aý täzeleýän umumy sanawynda 50-nji orny eýeledi. FIDE görkeziji sanawy ýurduň iň güýçli on zenan küştçüniň ortaça görkezijisine esaslanýar.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy dünýä görkezijisinde 105-nji orunda bolup, ortaça görkezijisi 1528 utukdy.

Öz taryhynyň iň gowy ýyllarynda milli ýygyndymyz TOP-70 töwereginde saklanypdy, ýöne häzirki 50-nji orun – milli zenan küştçüleriň taryhynda gazanylan iň ýokary derejedir.

Hünärmenleriň pikirine görä, zenanlar ýygyndysynyň ösüşindäki esasy täsir – tälimçileri saýlamakda we olaryň işi bilen meşgullanmada has jogapkärçilikli çemeleşmäniň ornaşdyrylmagy, ýaş zehinleri çekmegiň usullaryny üýtgetmek, ulgamlaýyn okuw tilsimleri girizilmegi, topar düzülende sport ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi, şeýle hem halkara ýaryşlarynda psihologlaryň gatnaşmagydyr.

Milli zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary täze nesliň mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Şolaryň arasynda toparyň öňbaşçylary – zenanlaryň arasynda FIDE ussady Jahan Rejebowa (15 ýaş, şahsy görkezijisi 2152) we Lala Şöhradowa (19 ýaş, şahsy görkezijisi 2151). Olar Türkmenistanyň iň gowy küştçüleriň milli sanawynda ilkinji iki orny eýeleýärler.

Taryhy üstünlikleriň biri hem 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda milli zenanlar ýygyndysynyň kiçi altyn medaly gazanmagy boldy. Şol ýaryşda biziň küştçülerimiz «C» kategoriýasynda 1-nji orny, umumy sanawda bolsa 32-nji orny eýelediler. Bu üstünlikde, olimpiadanyň öňüsyrasynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde halkara tejribeli tälimçiler – şol sanda Ukrainanyň halkara grossmeýsteri Wasiliý Iwançugyň gatnaşmagynda geçirilen türgenleşikler uly ähmiýete eýe boldy.

Dünýäniň zenanlar ýygyndylarynyň görkezijisinde ilkinji orny öňküsi ýaly Hytaý (ortaça görkezijisi – 2484) saklaýar. Bu ýurduň wekilleri dünýäniň şahsy görkeziji sanawynda hem ilkinji bäş orny eýeleýärler. Ikinji ýerde häzirki olimpiýa çempionlary – Hindistanyň küştçileri (ortaça görkezijisi – 2412), üçünji ýerde bolsa ukrainler (2383) ýerleşýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary ýurdumyzyň iň gowy 10 küşt oýunçysynyň – 2038-iň ortaça görkezijisini görkezýär, bu bolsa üç ýyldan hem az wagtyň içinde 500 baldan ýokary hilli özgerişiň bardygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bu taryhy gazanyşlary iň ýokary dereje hökmünde däl-de, geljekki ösüş üçin berk binýat hökmünde kabul edýär. Ýakyn wagtlarda biziň küştçülerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşar, şeýle hem 2026-njy ýylda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görerler we dünýäniň iň güýçli 40 toparynyň hataryna girmegi maksat edinýärler.

Geçen aý bolsa türkmen küştçüleri ýene bir taryhy üstünlige ýetdiler – olar 3-nji Merkezi Aziýa çempionatynda ikinji orny eýeläp, umumy hasapda 6 medal gazandylar. Bu ýaryşlar Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata (Yssyk-köl) şäherinde, 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda, küşt oýnunyň nusgawy görnüşi boýunça geçirildi.

turkmenistan.gov.tm