Sport — bu sagdynlykdyr, gözellikdir. Her bir ynsan sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidir. Ine, şonda, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi has hem öňe gider. Gahryman Arkadagymyz bu düşünjeleri türkmen halkynyň kalbyna çuňňur siňdirdi. «Türkmenistan — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy» diýen jümle bu günki gün biziň durmuşymyza ykjam ornaşdy. Häzirki wagtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky tagallalar aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi bolsa, Garaşsyz Diýarymyzda «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hemde ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwren ruhubelent, sagdyn nesli kemala getirmek baradaky aladalary çäksizdir. Ilatyň saglyk hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň bejeriş we dynç alyş şypahanalarynyň durky täzelenip ulanylmaga berildi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda oňaýly we amatly dynç almaga mümkinçilik berýär. Sport — bu ruhubelentlikdir. Nesil terbiýesinde sportuň orny örän uludyr. Çünki sagdyn nesil ata Watanymyzyň röwşen geljegidir.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň aprel aýynda hem dürli köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri mynasyp orun alýar. Elbetde ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlar üçin ýörite meýilnama boýunça sport çäreleri, sport oýunlary, bäsleşikleri, wagyz-nesihat duşuşyklary, önümçilik maşklary amala aşyrylýar. Ýaşlar üçin niýetlenen bu işleri talabalaýyk alyp barmakda ösen tehnologiýalar we döwrebap sport enjamlary bilen ornaşdyrylan sport toplumynyň binasy ýakyndan ýardam berýär. Bu ýerde talyplar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilýärler. Sport toplumynda ýüzülýän suw howdany, tennis, kiçi futbol, basketbol, woleýbol, gandbol zaly, trenažýor enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otag, göreş we boks oýunlary üçin meýdançalar bar. Gimnastika bilen meşgullanmak üçin aýry zal göz öňüne tutulan. Bu sport toplumy hereket edýän ähli halkara sport ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda gurlandyr. Sport çäreleri ýokary okuw mekdebimiziň sport toplumynda we paýtagtymyzyň stadionlarynda yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem talyp ýaşlar Halkara sport sergilerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Sportuň adam saglygyna berýän peýdasy barada giňden wagyz etmek möhüm işleriň birine öwrüldi. Biziň talyplarymyz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Häzirki wagtda bolsa diňe bir talyplar däl, eýsem, ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem sport bilen işjeň meşgullanýarlar.
Halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda türkmen türgenlerimiziň ýeňişleri ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende götermäge we türkmen sportuny dünýä ýaýmaga hem giň ýollar açýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasy üç sütüne daýanýar: ylym-bilim, medeniýet, saglyk we sport. Türkmenistan sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň we dostlugyň mekany hökmünde tanalýar. Türkmen halky eşretli durmuşda ýaşaýar. Bize bu bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Sona ISLAMOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
13.04.2019ý.