«Atdyr ýigidiň myrady» diýlişi ýaly, bedew hakynda söz açylsa, höwes bilen diňlenýär. Heniz çaga mahalym düşen suratymy synlap, at bilen surata düşmek hem-de oňa münüp görmek üçin öýümizdäkilere ýalbaryşym ýadyma düşýär. Çeper filmlerdäki bedew atlara imrinip, tomaşa edişimiz, «Çap atym, çap!» aýdymyna höwes bilen hiňlenişimiz hem ýöne ýerden däl. Bedew ata bolan söýgi bize ata-babalarymyzdan geçen mukaddes duýgy. Biz: «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýýän halkyň zürýatlary. Meniň garry babam hem seýis bolupdyr. Pederlerimiz: «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýamanlyk ýüzüni görmez» diýipdirler. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyza bolan yhlasyny görüp, Watanymyza mundan bu ýana-da diňe gowulyklaryň ýar boljagyna magat göz ýetirýärsiň.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň çar künjündäki bedew janköýerleri üçin gymmatly sowgat. Gamyşgulak bedewlerimiz hakynda söz açýan bu kitapda olaryň taryhy bilen bagly gyzykly maglumatlar diýseň kän.
Milli Liderimiziň «Bedew» atly goşgusynda:
Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!
— diýip belleýşi ýaly, nusgawy edebiýatymyz bolsun ýa-da häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi tapawudy ýok, türkmen ýigidiniň merdanalygynyň çeper beýanynda bedew atyň orny aýratyndyr. Çünki bedew mert ýigitleriň ýaranydyr. Görogly şadessanynda Gyratyň üsti bilen türkmen bedewiniň wepalylygyň baş nusgasydygy açylyp görkezilýär. Onuň Gyrata garap: «Perzent dilemedim, seni diledim» diýen setirleri hem bedew atyň türkmen ýigidiniň durmuşyndaky ähmiýetiniň nädereje beýikdigine kepildir. Isgender Zülkarnaýynyň Busefal atly ahalteke atynyň söweş meýdanynda akyla sygmajak kowum-gaçymlary edip, öz eýesini halas edendigi hakynda taryhy maglumatlar bar. Bu hakda Isgender Zülkarnaýynyň: «Men Busefalda otyrkam, dünýäniň ýarysyna-ha däl, barysyna golum ýetirýän» diýen sözlerem rowaýata öwrülip, biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Halkymyzyň bedew ata bolan söýgüsini açyp görkezmeli bolsa, ony Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata sarpasyny beýan etmek arkaly düşündirip bolar. Ony Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa şeýle beýan edýär. Şahyryň:
Bize ýetýän paýdyr ömür dilemek,
Deňiz ýaly dünýäň heňin diňlemek,
Abadan Diýara bakyp ýeňlemek,
Ak ýolunda, ak atynda Arkadag!
— diýen setirleri her birimiziň kalbymyza ornady.
Şygyrlarda, rowaýatlarda öçmez yz goýan behişdi bedewlerimiz üçin bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli at üstündäki oýunlarymyz hem gaýtadan dikeldildi. Ata ussatlyk bilen erk edýän, at üstünde dürli çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän merdana ýigitlerimizi görüp guwanjyň goşalanýar. Olaryň dünýäniň ençeme ýurtlaryndan ata Watanymyza abraýly baýraklary getirmegi bolsa, biziň üçin uly mertebedir.
Gamyşgulak bedewlerimiz ähli toý-baýramlarymyzyň bezegi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem dal bedewlerimiz toýly günlerimiziň ýaranydyr.
Sähetmyrat BEGENJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
25.04.2019ý.