GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

Öňem bir adam agyr halda, hassa ýatyrka, mirasdüşer iki ogluny ýanyna çagyrypdyr.

– Ynha, bir küýze altyn. Ynha-da, bäş tanap ýer. Ylalaşyp özüňiz bölüşiň! Menden size galjak bar baýlyk şular – diýip, olara eýeçilik etmegi tabşyrypdyr.

Oglanlaryň kiçisi edeplilik bilen:

– Ilki agam saýlasyn, ol – uly, menem ondan soň galanyny alaryn – diýipdir.

Agasam:

– Ýok, ýeke inim bar, ol ilki göwnüne geňeşsin – diýip, oňa mähirli gözüni aýlapdyr.

Olaryň ýanynda gelinleri hem bar ekeni. Doganlaryň kiçisiniň gelni:

– Atasy, ogullaryňy deň tutjak bolsaň, altynam, ýerem deň iki bölüp ber. Küýzedäki kör altyn, ýerem köpelýän altyndyr. Altyny alan ogluň sowup gutaransoň garyp düşer, ýeri alan ogluňam halal zähmet çekip bilse, baýamak bilen bolar – diýip, pyşyrdapdyr.

Bulary diňläp ýatan hassanyň gözi nurlanypdyr. Ol hassalykdan hem aýňalan ýaly bolupdyr. Kiçi gelniň pikirini diňläp, olardan göwni bitipdir.

Öňki makala

HALALLYK

Indiki makala

ÝÜREKDEN ISLEMEK

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 283 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 262 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 518 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)