ŞABAZ ATLAR — TOÝ-BAÝRAMYŇ BEZEGI

Sagrysy meýdanly bedew

Dünýäde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tapawutlanýan arassa tohumly, sap ganly türkmen atlary halkymyzyň milli buýsanjy, geçmişden miras galan kämil gymmatlyklarynyň biridir.

«At dos­ty — ata dos­ty», «Agaç eke­ni biler, at — ba­ka­ny», «At rys­ga­ly al­nyn­da» ýa­ly ajaýyp nakyllarydyr atalar sözlerini döreden ata-babalarymyz aty özüne hemra hem syrdaş saýyp, aýratyn sarpalapdyrlar. Bedew ata bolan beýik söýginiň türkmeniň ganyna, ruhuna siňenligini ýigitlerimiziň heniz çagalykdan başlap, uzyn syrygy at edinip, eýläk-beýläk çapyp oýnamagyndan hem mälim bolsa gerek.

Ata-babalarymyzyň sap zähmeti, yhlasy we zehini bilen ýetişdirilen ajaýyp bedewlerimiz dünýä ýüzünde meşhurdyr. Ýyndamlygyň, gözelligiň hem-de duýgurlygyň nusgasyna öwrülen inçe bil, gamyşgulak, alma göz bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ýel bilen bäsleşmäge ukyply ýüwrük atlary ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohumyny köpeltmäge aýratyn üns berilýär.

Atlaryň ençeme müň ýyl mundan owal hut şu topraklarda eldekileşdirilendigi, hanlaryň, soltanlaryň, serdarlaryň elýetmez arzuwy bolanlygy barada taryh sahypalarynda ençeme maglumatlar bar. Rüstem zal, Hezreti Ýusup, Görogly, Alp Arslan ýaly ärleriň hem wepaly dosty bedew atlary bolupdyr.

Berkarar Watanda bedew sarpasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda türkmen atlarynyň ykbaly, şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Bedew ata aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Wepadarlygy, ýyndamlygy, zer çaýylan deýin kümüş bedeni bilen milli buýsanjymyza, ýakyn syrdaşymyza öwrülen bedewlerimiz uçar ganatymyz, ösüşlerimiziň badydyr» diýip belleýär. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly adyň eýesi milli Liderimiziň yzygiderli atçylyk toplumlaryna baryp, ol ýerde ahalteke bedewlerimiz bilen didarlaşmagy bedew ata bolan söýgüsiniň näderejede ýokarydygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň öz ata-babalaryndan gaýdýan atşynaslyk sungatyna bolan egsilmez söýgüsi halkymyza myrat bolup, eziz Diýarymyzyň bedew bady bilen öňe tarap ösüşlerini alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däpleri hem-de nurana umytlary nesilden-nesle geçirilýär, milletimiziň aýawly saklap gelýän ýörelgeleri sazlaşykly ösdürilýär. Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy, janköýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şahsy göreldesi we goldawy bilen milli atçylyk sportuny ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga ägirt uly goşant goşýar. Ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, çapyksuwarlaryň hünär we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, şeýle-de milli çapyksuwarçylyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, hut hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy.

Pederlerimiziň belent sarpa goýan ýüwrük bedewlerimiziň şanyna bagtyýar Diýarymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly toýlar tutulýar. «Türkmenistan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerlerini alaýaza besleýär. Ýurdumyzda geçirilýän baýramlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir wekilleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hydyr gören bedewler

Taryhda birnäçe rowaýatlary, tymsallary, atalar sözlerini miras goýan dana pederlerimiz bedew aty Hydyr gören saýýarlar. Bu barada tymsallaryň birinde: «Ylym-bilimde, takwalykda ady uzaklara ýaýran Abdylla ibn Mübärek Merwezi dor atyny depip, duşmana garşy söweşip ýörkä, birdenkä aty büdräp ýykylypdyr. Ol näderini bilmän aljyrapdyr. Töweregine garanjaklapdyr. Birdenkä alnynda jowur ak sakgally bir adam peýda bolup: «Sen ýene-de şu atyň bilen söweşe galkmak isleýärmiň?» diýip sorapdyr. Abdylla ibn Mübärek Merwezi: «Elbetde» diýip jogap beripdir. Ak sakgally adam başyndan sagrysyna çenli aty birlaý sypalap goýberipdir welin, ol tarsa aýak üstüne galypdyr. Abdylla hezretleri haýal etmän jeňe girişipdir. Duşmanlaryny tary-mar edip, ýeňiş şemaly ýüzüni ýelpände, ýaňky ýaşulynyň hem özleri bilen şol meýdanda söweşip ýörendigini görüpdir. Abdylla hezretleri: «Ýaşuly, meniň atymy bejeren siz dälmi? Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorapdyr. Ak sakgally, perişdepisint ýaşuly oňa özüniň Hydyr atadygyny tanadypdyr. Şondan soň Abdylla hezretleri bu keramata düşünipdir we behişdi bedewleriň ýanynda elmydama Hydyr atanyň gezýändigine göz ýetiripdir» diýilýär. Türkmeniň şöhratly taryhynda şunuň ýaly mysallara örän köp gabat gelmek bolýar.

Döwlet guşy başa gonanda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan her bir günümiz täze ösüşlere, beýik başlangyçlara beslenýär. Başyna döwlet guşy gonan türkmen halkymyzyň her bir güni toýdur dabara beslenip, şany dünýä dolýar.

Ýedi yklyma ýaň salýan Türkmen bedewiniň milli baýramy Watanymyzda uludan tutulýar. Häzirki wagtda bu baýram halkara derejesine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilip, her ýyl bedew baýramyna gabatlanyp, onuň mejlisiniň geçirilmegi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatynyň, sergi-ýarmarkasynyň guralmagy, türkmen atly jigitler toparynyň dünýä ýurtlarynda çykyşlarynyň gyzgyn garşylanmagy, ahalteke bedewiniň gözellik bäsleşigine, uzak aralyga ýöriş, päsgelçiliklerden böküp geçmek ýaly ýaryşlara halkara derejeli atşynaslaryň eminlik etmegi we başga-da birnäçe tutumly işleriň amala aşyrylmagy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkara derejesinde resmi taýdan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Toý toýlanýan günlerde türkmeniň uçar ganaty bolan bedewlerine gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy sylaglaryň seresi boldy. Atlara ezberlik bilen erk etmegi başarýan hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň gazanan şan-şöhratyna we häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan maglumatlar beýan edilýär. Olaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, iň gowy däplerini dowam edýän seýisçilik ýörelgeleri, onuň at seýislemekdäki usullary dogrusynda kitapda giňişleýin gürrüň edilýär.

Bedeni türkmen tebigatynyň müň öwüşginli gözellik nuruna çaýylan ahalteke atlary ynsan kalbynda ajaýyp bir mukaddeslik hökmünde orun alyp, elýetmez arzuwa, myrada öwrüldi. Tutulýan toýdur baýramlarda uçmahy bedewlerimiziň çarpaýa galyp, görenleri haýran edýän tomaşasyny synlanyňda, göwnüň heýjana gelýär.

Röwşen geljege sary ynamly öňe barýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşlerine çäksiz buýsanýar.

Goý, ykbaly ynsan ykbaly bilen badaşan bedewlerimiziň hoş owazly sesleri türkmen toýlaryny bezäp dursun! Bedew atlarymyzyň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

28.04.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 73 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 66 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 60 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI