Gahryman Arkadagymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bagyşlanan täze kitabynyň çapdan çykyp, halkymyza gowuşmagy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu ajaýyp eser hormatly Prezidentimiziň halkymyza ýapan gymmatly serpaýy boldy. Biz — ýaşlaryň göwünlerimiziň joşgunyny artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, her bölümiň sözbaşysy kitabyň öňe sürýän taglymatlaryny açyp görkezýär. Çuň manyly jümlelerden düzülen bölümlerde türkmen halkynyň ykbalynyň, taryhynyň, kalbynyň bedew atlarymyz bilen bitewüdigi örän inçelik bilen yzarlanýar. Kitaby okap çykanyňda, her bir sözüň, her bir pikiriň milli Liderimiziň tüýs ýüreginden joşup çykandygyny duýýarsyň. Gahryman Arkadagymyzyň bedewe bolan çuňňur söýgüsiniň öz halkyna bolan ogullyk borjy bilen mäkäm baglanyşyklydygyna göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda: «Adam ogluna baglar, daglar, derýalar, ýerasty baýlyklar we başga-da sansyz köp baýlyklar serpaý berlen. Nirede tebigat bilen sazlaşyklylykda ýaşalyp, şol baýlyklaryň durnuklylygyna täsir edilýän bolsa, ol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Bu biziň ata-babalarymyzyň pendidir. Hut şonuň üçinem atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi türkmen Diýaryndadyr» diýip beýan edýär. Ýeri gelende, şol nusgalyk mekdebi döretmekde we ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň uludygyny belläp geçmelidiris. Atlary ösdürip ýetişdirmek, aýawly saklamak baradaky döwlet syýasatyny alyp barýan ýörite «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň bolmagy, Aşgabatda we welaýat merkezlerinde atçylyk toplumlarynyň bina edilmegi, ýaş çapyksuwarlaryň mekdebiniň işiniň ýola goýulmagy ýurdumyzda bedew atlara bolan sarpanyň örän ýokarydygyna güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň merkezi şäheriniň gurluşygyna ak pata berende, ol ýerde öz aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň guruljakdygyny hem aýdyp, bizi begendirdi. Şol ýerde atşynaslyga degişli bolan Ylmy-önümçilik merkeziniň we Halkara atçylyk sport toplumynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmegi milli Liderimiziň ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijelerini ýene bir ýola aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýýan täze kitabynyň elimize gowuşmagy biz — ýaşlary uly ruhubelentlige besleýär.
Enejan RAHYMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
28.04.2019ý.