Aprel aýynyň 24-25-i aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Demka» ýaý atyjylyk sport klubunyň halkara açyk kubok ýaryşy geçirildi. Türkiýe, Eýran, Yrak, Kipr ýaly ýurtlaryň türgenleriniň 100-e golaýyny jemlän bu ýaryşa Diýarymyzyň türgenleri hem gatnaşyp, ýokary netije gazanyp, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterdiler.
Nusgawy ýaýdan 18 metrdäki nyşana ok atmakda ulularyň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň türgeni Şöhrat Jumakuliýew birinji orna — altyn medala, milli ýygyndymyzyň tälimçisi Wepa Sähedow üçünji orna — bürünç medala mynasyp boldular. Nusgawy ýaý atmagyň şu görnüşi boýunça çagalaryň arasynda geçen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň okuwçysy Agajuma Omarow bilen paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Şeýle hem nusgawy ýaýdan 18 metr aralyga ok atmakda ýetginjekleriň arasynda ýekeleýin görnüşde Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Myratgeldiýew üçünji orny, şol görnüş boýunça ulularyň arasynda toparlaýyn görnüşde geçen ýaryşyň netijesinde milli ýygyndymyzyň tälimçisi Wepa Sähedow hem-de Şöhrat Jumakuliýew, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Polat Metdiýew dagy ikinji orny eýelemegi başardylar.
Ýaryşyň umumy hasaby boýunça ýygyndy toparymyzyň türgenleriniň toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeländiklerini bellemek has-da buýsançlydyr.
Orazjahan GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň kafedra müdiri.
“Nesil” gazeti,
04.05.2019ý.