Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň yza süýşürilen üç duşuşygy geçirildi.
Bu tapgyryň iň köp pökgi geçirilen duşuşygy Balkanabatda geçirildi, ýerli «Nebitçi» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň häzirki ýeňijisi «Arkadag» toparyny kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçdi – olar duşuşygyň her ýarymda 4 pökgi geçirip, diňe birini öz derwezesine geçirdiler. «Arkadag» toparynyň düzüminden Begenç Akmämmedow (3-nji, 10-njy, 50-nji minutlarda) we Şamämmet Hydyrow (45+1, 65 – 11 metrlik jerime urgy, 66-njy minutda) hersi üç pökgi geçirdiler. Şeýle-de Ibragim Mämmedow (28-nji minutda) we Gurbanmuhammet Esenow (87-nji minutda) bir gezek tapawutlandylar. «Nebitçi» toparynyň abraý pökgüsini 84-nji minutda Abdymuhammet Begjanow geçirdi.
Wladimir Baýramowyň şägirtleri yzly-yzyna 17-nji ýeňşini gazanyp, 51 utuk bilen öňdeligi has-da berkitdiler. «Arkadag» toparyndan 20 utuk yzda barýan «Ahal» toparynyň iki oýny ätiýaçda. «Ahal» topary bilen «Aşgabat» toparynyň duşuşygy, Türkmenistanyň wise-çempionynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşlarynda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» topary bilen duşuşygy sebäpli ätiýaç günleriň birine süýşürildi.
Ýaryşyň sanawynda üçünji ornunda 29 utuk bilen «Altyn asyr» topary ýerleşýär. Olar bu tapgyrda Marynyň «Merw» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. «Merw» topary 10 utuk bilen 7-nji orunda.
Bu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary hem ýeňlişe sezewar boldy. Olar iň soňky orunda barýan «Köpetdag» topary bilen duşuşygyň soňky minutlarynda 1:2 hasabynda ýeňildi. Ilki bilen, garşydaşlar biri-biriniň derwezesine pökgi geçirdiler – Daýanç Meredowyň 19-njy minutdaky pökgüsine myhmanlar 25-nji minutda Mekan Aşyrowyň urgusy bilen jogap berdiler. Duşuşygyň ýeňijisi bolsa 93-nji minutda Jumamyrat Jumaýewiň geçiren pökgüsi bilen belli boldy.
Bu ýeňlişden soň «Şagadam» topary 28 utuk bilen 4-nji ýerde galdy. «Köpetdag» topary bolsa milli çempionatda 2-nji ýeňşini gazanyp, 8 utuk bilen ýaryşyň sanawynda iň soňunda galýar.
Iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasynda-da üýtgeşmeler boldy. Bu tapgyrdan soň 15 pökgi bilen (şolaryň biri 11 metr jerime urgy) «Arkadag» toparynyň futbolçylary Begenç Akmämmedow we Didar Durdyyew hüjümçileriň hatarynda öňdeligi paýlaşýarlar. Topardaşy Altymyrat Annadurdyýew olardan 2 pökgi az geçirdi. Şamämmet Hydyrow («Arkadag») – 7 pökgi (1 – 11 metr jerime urgy) we Mekan Aşyrow («Şagadam») – 6 pökgi geçirdiler. 6 – 8-nji ýerleri 5 pökgi bilen Yhlas Saparmämmedow («Arkadag»), Meýlis Diniýew («Ahal») we Zafar Babajanow («Altyn asyr») paýlaşýarlar. 4 pökgi geçirenler: Abdyresul Abdyýew («Merw»), Magtymguly Berenow («Ahal»), Daýanç Meredow («Köpetdag»), Süleýman Muhadow («Altyn asyr»). 3 pökgi geçirenler: Elman Tagaýew («Ahal»), Welmyrat Ballakow, Şanazar Tirkişow (ikisi-de «Arkadag»), Selim Nurmyradow («Altyn asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat»).
turkmenistan.gov.tm