TARYHY FORUMYŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Awaza»  milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlikde Awazadaky halkara forumyň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazandygy, Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň nobatdaky gezek dabaralandyrandygy hakda gürrüň edildi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmegi, onuň barşynda daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda ýaşlaryň hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşylmagy, ýaşlaryň öz ýurtlarynda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we başlangyçlar bilen tanyşdyrmagy has-da täsirli boldy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guramaçylykly geçmegi ugrunda taýsyz tagallalary eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 22 okalan

ERJELLERI SAÝLAN ÝARYŞ

12 Awgust 2025 | 97 okalan

RUHUBELENT ÇAGALAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ