Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy, kämilleşmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan gyzgyn mähir bilen gurşalyp alnan çagalar bagtyýardyrlar. Çünki Garaşsyz Türkmenistan — durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amal edilýän ähli işler nesilleriň bagtyýar geljeginiň hatyrasynadyr. Nesil, perzent baradaky aladalar biziň geljege ädýän buýsançly ädimlerimizdir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, nurana geljegimiz bolan çagalaryň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşilýär. Olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin, ähli zerur şertler döredilýär. Çagalara bilim-terbiýe bermek, olaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan döwletimiziň bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň uly ykrara eýe bolýandygyna we barha pugtalanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Diýarymyzda çagalaryň okap bilim almaklary we şadyýan dynç almaklary üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler bimöçberdir. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ak mermere beslenen döwrebap mekdepleriň, sport desgalarynyň, gözel tebigatly ýerlerde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ençemesi gurlup, ýaş nesilleriň ygtyýaryna berildi. Bu gün aňrybaş amatlyklary bolan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň bagtyýarlygyny, begenjini, şatlygyny, buýsanjyny görmäge göz gerek. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň çagalarymyz sözüň doly manysynda bagtly döwrüň neslidir. Olar aladasyz-ünjüsiz okap, bilim we terbiýe alýarlar, gyş we tomus möwsümlerinde häzirki zaman çagalar we sagaldyş merkezlerinde wagtyhoş dynç alýarlar. Ýurdumyzda çagalaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly, sagdyn ösmekleri üçin uly işler alnyp barylýar.
Çaga — biziň ýüregimiziň aýnasy, kalbymyzyň buýsanjy, nowça güli. Ol gülüň ýaşaýşa bezeg bermegi, gülläp ösmegi üçin yzygiderli alada, üns zerur. Olaryň asylly edep-terbiýesi biziň ruhy dünýämiziň keşbini açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakynda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir» diýip nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz çagalary terbiýelemek meselesine örän jogapkärli çemeleşmelidiris. Çünki ýurt parahatlygy, il abatlygy, ruhy taýdan sagdyn jemgyýet ösüp gelýän ýaş nesle baglydyr. Dana pederlerimiziň: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýşi ýaly, çagalaryň gowy endikleri ele almaklary üçin edep-terbiýe meselesine uly üns bermelidiris. Çagalar görüm-göreldäni, edep-terbiýäni ata-enesinden, maşgaladan we ululardan alýarlar. Olar bizi, biziň sözlerimizi, hereketlerimizi, jemgyýetde özümizi alyp barşymyzy gaýtalaýarlar. Çagany gowy terbiýelemek isleýän adam elmydama adalatly bolmaga borçludyr. Çagalary gereginden artyk goraglap saklamak bilen däl-de, olara gerekli wagtynda ýanlarynda bolmak möhümdir. Köp ata-eneler tertip-düzgün meselesinde berk talabedijilik bilen çemeleşýärler. Hakykatda bolsa, olara öwretmek we görelde bolmak biziň borjumyz. Her bir çaga öz ene-atasynyň sözlerine ynanýar. Eger-de biz olaryň nädogry eden hereketlerini, garagollugyny yzygiderli gaýtalap dursak, onda olar özleriniň şeýledigine ynanarlar. Çagalarymyzy söz bilen däl-de, diňe aýdyň we janly mysallar arkaly terbiýelemelidiris. Her bir ata-ene, terbiýeçi, mugallym çagalaryň terbiýe meselesine oňat düşünmelidir.
Çaga kalby ak pamyk deý arassa, päkize hem tämiz bolýar. Ol gören-eşiden zatlaryny bolşy ýaly kabul edýär. Çagalaryň ak ýürekli, kiçi göwünli, pespäl, güler ýüzli, edepli, terbiýeli, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin, ilkinji nobatda, özümiz görelde, nusga bolmalydyrys. Terbiýe meselesi bilen iş salyşýan adam örän synçy bolmaly, hiç bir hereketi gözden salmazlygy başarmaly. Çagalar gylyk-häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary, ukyp-başarnyklary boýunça hem biri-birlerinden tapawutlanýarlar. Şonuň üçin, ilki bilen, çaganyň oňat taraplaryny öwrenip, şoňa laýyk hereket etmeli, şonda onuň netijesi hem ýokary bolar. Zähmet terbiýesi, ilki maşgaladan, soňra çagalar baglaryndan başlanmaly. Terbiýeçiler, mugallymlar, ata-eneler çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek arkaly olara üstünlige, bagta eltýän ýollary öwretmäge borçludyr. Has kiçiliginden perzentleriň aňyna sepilen edep tohumlary, olara edilen ideg esasynda has mäkäm kök urar.
Eziz çagalarymyz at-owazasy dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagt bagynyň läle-reýhan bolup açylan gül-gunçalarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil hakynda edýän bimöçber aladalary bu gün öz datly miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, beden taýdan sagdyn, ylym-bilime, medeniýete, sungata teşne ýaş nesliň kemala gelýändigine hem guwanýarsyň, hem-de begenýärsiň. Çagalary juda ezizleýän milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistany bagtly çagalygyň ýurduna öwrüp, halkymyzy bagtyýar döwre ýetirdi. Ähli babatda halkymyza nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, abraý-mertebesi mundan beýläk-de belentde bolsun! Goý, ata Watanymyzyň röwşen geljegini üpjün edýän eziz çagalaryň gülki sesleri, bagtyýar döwrümizi, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän owazly aýdymlary hemişe belentden ýaňlansyn!
Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş» žurnalynyň baş redaktory.
“Nesil” gazeti,
01.06.2019ý.












