BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bilim ojaklarynyň sany ýylsaýyn köpelip, bu ýerde ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Geçilýän sapaklarda multimediýa tagtalaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanylyp ýaşlara okatmagyň döwrebap usullary arkaly sapaklar berilýär. Ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegi, olaryň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Watanymyzyň ýaş nesilleriniň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 35 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 19 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 62 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR