Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy mynasybetli «Arkadagyň nesilleri» atly dynç alyş seýilgähine gelen çagalaryň gatnaşmagynda «Arkadagly Diýarda — biz bagtyýar çagalar» atly aýdym–sazly medeni çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda bagtyýar körpejeleriň arasynda birnäçe oýunlar, bäsleşikler guraldy. Watanymyzy, dost-doganlygy wasp edýän saýrak bilbilleriň joşgunly aýdymdyr-sazlary, ýürek buýsançlary bolup ýaňlanýan goşgulary bolsa tomaşaçylarda uly ruhubelentlik döretdi.
Çäräniň ahyrynda ýüzleri gülkiden, ýürekleri begençden doly körpejeler özlerine döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin çaga kalplaryndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.