Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, şeýle-de etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda, ýol hereketleriniň düzgünlerini düşündirmek hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini nygtamak maksady bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler, ýol hereketinde sürüjileriň hem-de pyýada ýolagçylaryň ünsli bolmaklary, ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri, sürüjileriň çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerleriň golaýyndan geçenlerinde kesgitlenen tizlik bilen hereket etmekleri, ene-atalaryň bolsa, çagalaryny çagalar bagyna, mekdebe alyp gidenlerinde, olaryň ellerinden tutup, diňe pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerden geçmekleri barada nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda bagtyýar halkymyz, şeýle-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada şunuň ýaly bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
 
                     
                     
                     
                             
                    












