ZEMINIŇ JENNETI -WATAN

Watanyň mukaddesligi, gadyr-gymmaty, jandan ezizligi pederleriň we nesilleriň aňyna mäkäm guýlupdyr. Sallançagyň kirişlerini çekip, ak gundagda ýatan balajyga aýdylýan ene hüwdülerinden başlap, sözleýiş ukybyny artdyrmaga niýetlenen ýaňyltmaçlarda, ýatkeşligini ösdürmäge gönükdirilen sanawaçlarda, pikirleniş güýjüni artdyrýan mataldyr tapmaçalarda, hyýaly hakykata öwürmäge höweslendirýän ertekilerde, aýdymdyr, goşgularda Watan waspy, dogduk depäniň tarypy, önüp-ösen ýerleriň tebigaty çeper suratlandyrylýar. Hakyky bagtyň, kämil gözelligiň diňe öz iliňde, öz ýurduňda bardygy teswirlenýär. “Müsürde şa bolandan” ýa-da “Ýat illerde mysapyrlyk çekenden” diýen setirlere, il-günüň ýanynda bolmagyň uly bagtdygy aýdylýar. Gerçek-goç ýigitler   hatda, Kap dagyndan tapan peri-peýkerini, ykbal nesibesini hem, öz iline alyp gelýär. Watan topragynda köňlüňe we süňňüňe täsir edýän dermanlyk täsiriň bardygy lukmandyr tebipleriň eserlerinde hem orun alypdyr. “Her hassany öz topragynyň gumy, miwesi bilen bejeriň” diýýän grek alymy Gippokratyň paýhasly pikirlerini türkmen tebigaty doly tassyklaýar. Dagy we sährasy, deňzi we derýasy, düzi we çöli, çeşmesi we jary, mahlasy, tebigatda bar zatlaryň ählisi bu toprakda bar. Güneşiň çogy hem-de aýyň ýalkymy bilen boý alýan, ösýän, ýetişýän hasyldyr miwelerde ýokumlylyk örän ýokary. Seleň sähralarda, tereň derýalaryň we deňizleriň ýakasynda gezim-syýahat etmekligiň özi köňle giňlik, ýürege şatlyk we süňňüňe saglyk eçilýär. Mukaddes topragyň dermanlyk täsiri hakda taryhy hakykatlar dil açýar. Alys ülkelerde ýörişde gezip ýören Soltan Jelaleddin agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddin bu gezek wagty bilen aýňalyp bilmändir. Tebipdir lukmanlar dürli-dümen melhemleri ulanyp görseler-de, hiç hili täsiri, emi bolmandyr. Ahyry soltanyň özi: “Maňa Horezmiň gumuny we Jeýhunyň suwuny getiriň. Köňül Watany küýseýär. Watan topragy ähli derde derman, melhemdir” diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içenden soňra, onuň ýagdaýy görnetin gowulaşyp başlapdyr we tiz wagtdan hem sagalyp, aýak üstüne galypdyr. Dogduk depäň, önüp-ösen ýerleriň bilen bagryň badaşyp gidýär. Bu ýerden bir günlüjek uzaklaşyp gitseňem, ýene-de öz ojagyňa, il-günüň arasyna dolanyp barmak üçin ýüregiň telwas urup başlaýar. Söwda-satyg ýa-da sapar-syýahat bilen daşary ýurtlara gitmek, aýlanmak nesibäňde bar bolsa-da, sähel wagtdan soňra ýüregiň, göwnüň Watana tarap atygsap durmagy, köplere mälim duýgy bolsa gerek. Aslynda Watan uçmaha deňelýän toprakdyr. Gadym döwürde mugallymlaryň biri okuwçylaryndan “Jennete deňäp boljak ýene nämeler bardygy” hakda sowal beripdir. Birbada okuwçylar dürli-dümen zatlary aýdypdyrlar, öz pikirlerini ýaňzydypdyrlar.  Emma biriniň pikirini, beýleki biri inkär edip bilipdir. Diňe bir okuwçynyň jogaby hemmeleriň göwnünden turupdyr. Ol: “Watan” diýip, jogap beripdir. Bu jogaby hiç kim inkär edip bilmändir, gaýta hemmesi makullaýjylyk bilen baş atypdyr.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 64 okalan

TÜRKMEN HALYSY

10 Sentýabr 2025 | 87 okalan

MIZEMEZ MILLI MIRASYMYZ