STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY

Şu ýylyň 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen üç-taraplaýyn duşuşyk şanly wakalara beslendi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde – Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi, ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletleriň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ýokary derejede geçen üç-taraplaýyn duşuşykda kabul edilen bilelikdäki Beýannama ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň, olaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine we parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, dürli ugurlar bilen bir hatarda, ulag-logistika ulgamynda, mundan beýläk-de gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalşylýandygy bellenildi hem-de onuň esas goýujy halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelerdir kadalara eýerýändigi tassyklanyldy.

Şeýlelikde, dostlukly ýurtlaryň arasynda kabul edilen Beýannamada dürli ugurlar bilen bir hatarda, ulag we logistika ulgamyndaky uly şertler göz öňünde tutulyp, olaryň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmak maksady bilen, taraplar Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan ugry boýunça we yzyna multimodal gatnawlary işjeň­leşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan gol çekilen ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplaryň ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, ulag gatnawlaryny utgaşdyrmak, bu işleri guramagyň şertlerini ýönekeýleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bilelikdäki iş toparyny döretmegiň wajypdygy bellenildi hem-de goldanyldy. Şeýle hem, taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny, işewürligi we syýahatçylygy ösdürmegiň ähmiýetlidigini bellediler. Munuň özi, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň artmagyna ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçirilen üç-taraplaýyn duşuşyk gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyz üçin täze mümkinçilikleri açýar. Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygyň, özara düşünişmegiň ýaýbaňlanmagy, gülläp ösmegi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de işjeň hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagy üçin, uly işleri ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Myrat GOŞAÝEW,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 32 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 31 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM