Golaýda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 11205 harby bölüminiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň ýaş hünärmenleriniň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 11205 harby bölüminiň bilelikde guramagynda ýaş esgerleriň arasynda Watana ak ýürekden gulluk etmek, oňa bolan mukaddes borjy artygy bilen ýerine ýetirmek we Ýaşlar syýasatynda harbylaryň arasynda alnyp barylýan işler barada ‹‹Ýaş esgerleriň parahatçylyk we edermenlik ýoly›› ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Guramaçylykly geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň we 11205 harby bölüminiň wekilleri çykyş etdiler.
Olar özleriniň çykyşlarynda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwerligini giňden ýaýratmakdyr. Ýaşlary geljegiň güýjüne deňeýän milletimiziň asylly dessuryna laýyklykda watanymyzda kämil nesli kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ählisinde hem, ertirki günüň aladalarynyň aýdyň duýulýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamaklygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat
şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.