ÝURDUMYZ PARAHAT – ILLERIMIZ ABADAN

Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Köýtendag etrap wekiliniň, Köýtendag etrap polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedik toparynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli duşuşyk çäresi geçirildi.

Ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň ählisiniň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmegine, ýol medeniýetini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlaryň has ýokarlanmagyna çuň täsir edýän bu çäre hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesindäki aladasynyň aýdyň beýanydyr. Hereket howpsuzlygynyň biraýlygynda geçirilýän çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen birlikde, kiçi we uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň has işjeň gatnaşmagy ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlanyp geçirilýän açyk sapaklaryň, bäsleşikleriň, wagyz-nesihat işleriniň we bu ugurdaky beýleki çäreleriň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň hukuk dünýägaraýşynyň, hukuk medeniýetiniň we özüňi alyp barmagyň ahlak-hukuk kadalarynyň utgaşan kämilligini kemala getirýär.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, häzirki wagtda ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, jemgyýetiň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem, çykyşlarda ýaş nesliň ýol hereketi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmagyň zerurdygy, ýagny ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisine degişli bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkyny şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 10 okalan

ÝURDUMYZ PARAHAT – ILLERIMIZ ABADAN

19 Sentýabr 2025 | 12 okalan

HALK MASLAHATY – HALKYŇ BÄHBIDI

19 Sentýabr 2025 | 11 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – BEÝIK WE ŞÖHRATLY GELJEK