TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ TALYPLARY BIR ÝYLLYK HÜNÄR ÝOKARLANDYRYŞYNA ÝAPONIÝA UGRADYLDY

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň mugallymçylyk bilimi taýýarlyk ugrunyň (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine bir ýyllyk hünär ýokarlandyryş okuwlaryna ugradyldy.

Hünär ýokarlandyryş okuwlary türkmen hem-de ýapon ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan Akademiki alyşmalar we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde guraldy.

Hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýanlaryň biriniň 2025-2026-njy okuw ýyly üçin Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan yglan edilen «Ýapon dili we ýapon medeniýeti» atly bir ýyllyk akademiki maksatnama (MEXT) boýunça synaglary üstünlikli tabşyran talypdygyny bellemek gerek.

Ýaponiýada okamak ýapon dilini öwrenýän talyplaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge, olaryň bilimlerini berkitmäge we iş tejribelerini baýlaşdyrmaga, şeýle hem ýurdumyz üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga, türkmen-ýapon ylym we bilim aragatnaşyklaryny, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

turkmenistan.gov.tm