TÜRKMEN WEKILIÝETI MUGALLYMLARYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNA GATNAŞDY

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Nukus şäherinde 5-6-njy oktýabrda geçirilen mugallymlaryň Merkezi Aziýa boýunça halkara forumyna gatnaşdy.

«Merkezi Aziýanyň mugallymlary: bir sebit, bir ses, bir güýç!» diýen şygar astynda geçirilen çäre ÝUNESKO-nyň we ÝUNISEF-iň goldamagynda Özbegistan Respublikasynyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministrligi tarapyndan guraldy.

Foruma Merkezi Aziýanyň – Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň, birnäçe halkara guramalaryň, şeýle hem Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, çärä gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy mugallymlary hem-de giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumuň açylyş dabarasynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda forumyň ähmiýeti, bilim ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda onuň eýeleýän orny nygtaldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim ulgamynyň döwrebap derejede özgerişi hem-de bu babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyldy.

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly kärdeşleri bilen ugurdaş duşuşyklara, okuw maslahatlaryna bilim ulgamyna degişli tanyşdyrmalara we baý mazmunly medeni maksatnama işjeň gatnaşdylar. Çärelerde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda ekobilime we ekoterbiýesine, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine hem-de wagyz edilmegine, bu işlere interaktiw usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Umuman, bilimde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmegiň we işläp taýýarlamagyň ähmiýeti we netijeliligi nygtaldy.

Halkara forumy Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mugallymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin meýdança döretmek, şeýle hem sebitleýin bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu foruma gatnaşmagy köp babatda öňdebaryjy tejribäni, bilim ulgamynda iň oňat dünýä tejribelerini we täze başlangyçlary öwrenmäge ýardam etdi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

turkmenistan.gov.tm