Ýakynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň, Çärjew etrap Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň, Çärjew etrap prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komitetiniň, Çärjew etrap bilim bölüminiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar döwrümiziň röwşen geljegidir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-2026-njy okuw ýylynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň kiçi we uly ýaşly okuwçylarynyň arasynda bolup biläýjek kanun bozulmalarynyň öňüni almak, Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň nädogrylygyny, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada we ýol hereketiniň kadalaryny, sagdyn durmuşdyr milli ahlak ýörelgelerini berjaý etmek boýunça hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzlyp çykan ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny we möhüm ähmiýeti hem-de olaryň watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrundaky edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
 
                     
                     
                     
                             
                    












