Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.
Her hepdäniň şenbe güni ýaýlyma goýberilýän gepleşigiň bu gezekki sany Hemra Halykowyň gatnaşmagynda ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde «Ilkinji söýgi», «Zyba», «Günäkär menmi ýada özüň», «Täze günim», «Gurbanjemal», «Gaşlary» atly şowhunly aýdym-sazlary hem-de birnäçe türk aýdymlary, gepleşigiň bu gezekki sanyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Gepleşigiň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, watanymyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirilip, ýaş aýdymçy bilen gyzykly sorag-jogaplar alşyldy, şeýle hem ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Aýdym-sazly gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.












