TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Bitarap Türkmenistanym parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlige S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň wekili gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeginde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, türkmen halkynyň öz milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygyny hem-de ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen türkmen alabaý itleriniň hem dünýäde uly meşhurlyga eýedigini uly buýsanç bilen bellediler.

Häzirki wagta sungatyň ähli ugurlary boýunça biziň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika, dizaýn we zergärçilik sungaty bilen meşgullanýan ussatlarymyz eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbini özboluşly beýan edýärler. Türkmeniň buýsanjy bolan alabaýlaryň serhet gullugynda ulanylýandygy barada hem çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamaga, ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ybraýym HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Öňki makala

BIZ OWAZ BILEN

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 36 okalan

BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 36 okalan

TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUK AGŞAMY