SPARTAKIADANYŇ ÇÄGINDE ÝARYŞLAR GEÇIRILÝÄR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň häzirki günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäginde sport ýaryşlary geçirilýär. Sportuň düzzüm görnüşi boýunça etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryş hem çekeleşikli boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda okuwçy gyzlar we oglanlar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Düzzüm ýaryşynyň netijesinde gyzlaryň arasynda etrabyň 8-nji orta mekdebiniň topary birinji, 23-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiniň topary üçünji orna, okuwçy oglanlaryň arasynda bolsa, 3-nji orta mekdebiniň topary birinji, 1-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 8-nji orta mekdebiniň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 42 okalan

ŞANLY ÝYLA BAGYŞLANAN MASLAHAT