Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň gününi baýram etmek däbe öwrüldi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine degişli işler durmuşa geçirilýär. Biziň günlerimize gelip ýeten alabaý itleriniň tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofondyny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ösdürmek ugrunda ähli şertler döredilýär.
Türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy hökmünde onuň ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň itşynaslyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler ählihalk goldawyna eýe bolýar. Türkmen alabaýyny köpeltmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça işler geçirilýär.
Türkmen alabaýy — türkmen medeniýetiniň möhüm bölegidir.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












