Düýn paýtagtymyz Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde «Türkmen-Özbek» dostluk agşamy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Uly joşguna beslenip toý ruhunda geçirilen bu dabara mynasybetli iki ýurduň meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Joşgunly çykyşlar, şol sanda aýdym-sazly edebi kompozisiýa iki goňşy halkyň dost-doganlygynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýany öwrüldi. Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň aýdymy bolup ýaňlanýan, eziz Diýarymyzda geçirilýän şeýle dabaralar dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dabarada ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen hem-de özbek aýdym-sazlary ýaňlandy. Ýerine ýetirilen çykyşlar iki halkyň medeniýetindäki we sungatyndaky umumylyga hem-de aýratynlyklara, olaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmäge itergi berdi.
Dostluk agşamynyň dowamynda bu dabara gatnaşan mähriban körpe nesillerimiz bilen hem sorag-jogap alşyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylyp, olarda ýatdan çykmajak çagalyk pursatlaryny gurşap aldy.
Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy! Goý, türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de berkesin, uly ösüşlere ýetsin! Dabara gatnaşanlar, parahat ýurdumyzda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy asuda, abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.












