PARAHATÇYLYK — DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Parahatçylyk – adamzadyň iň beýik arzuwy, ähli ösüşleriň we abadançylygyň baş çeşmesidir. Dünýäniň islendik künjeginde parahatçylygyň hökmürowan bolan ýerinde bagtyýarlyk we bolelinlik bolýar, ykdysady ösüş we jemgyýetçilik abadançylygy ýaly düşünjeler berk binýady emele getirýär. Şonuň üçin hem parahatçylykly, durnukly ösüşe tarap öňe barýan ýol biziň döwrümiziň iň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasaty hut şu ýörelgä daýanýar. Bitaraplygyň özeni — parahatçylykdan, özara hormat goýmakdan, ynanyşmakdan we hyzmatdaşlykdan ybarat. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly döwlet syýasatyndan gözbaş alyp, üstümizdäki ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy-da hut şol ýörelgeden gözbaş alýar. Bu ýörelgäniň esasynda bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, syýasy ylalaşyklara hem-de ykdysady hyzmatdaşlyklara giň ýol açýar.

Durnukly ösüşiň esasy sütünleri bolan ykdysady ösüş, jemgyýetçilik agzybirligi we daşky gurşawy goramak ýaly düşünjeler asuda durmuşyň miwesidir. Parahatçylykly ýaşaýyş jemgyýetiň ähli gatlaklaryny birleşdirýän, döredijilikli işiň, zähmetiň we täze oý-pikirleriň başlanýan ýeridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat ählihalk bähbitlerine laýyklykda parahatçylykly ösüşe gönükdirilýär. Halkymyzyň “Parahatçylykdan uly baýlyk ýok” diýen pähimi hem bu hakykatyň janly subutnamasydyr.

Parahatçylykly dünýäde ýaşamak üçin ilki öz mysalyňda dünýä nusga bolup, ähli tarapdan hyzmatdaşlyk üçin dost-doganlyk goluny uzatmak, “açyk gapylar” syýasatyny ýöretmek wajypdyr. Sebäbi dünýäde parahatlygyň saklanylmagy — ähli halklaryň hyzmatdaşlygyna, ynanyşmagyna we jebisligine baglydyr. Parahatlygyň we bitaraplygyň ýolundan ýöremek arkaly biz diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljekki nesilleriň hem abadançylygyny üpjün edýäris.

Parahatçylyk arkaly ösüşiň binýadyny berkden tutup, halklaryň arasynda dostlugyň, ynanyşmagyň we ösüşiň iň ygtybarly nusgasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Parahat BAÝSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Içeri işler

ministrliginiň institutynyň mugallymy,

polisiýanyň leýtenanty.

Meňzeş habarlar