Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 20960 harby bölüminiň bilelikde gurnamagynda watan goragçylarynyň gatnaşmagynda «Ýaşlar – Watanymyzyň buýsanjy» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda güneşli diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda Watanymyzyň asudalygyny üpjün edýän harby gullukçylaryň we işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigi, häzirki wagtda, biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk taýdan terbiýelemek wajyp ugurlaryň biri bolup, edermen we merdana ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini abraý bilen dowam etdirmek babatyndaky alnyp barylýan işleriň, özüniň oňyn netijelerini berýändigi barada çykyş etdiler.
Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlary eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülzar BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň buhgalteri.












