ÝAKYMLY TÄSIRLERI DÖREDEN SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Bellenilip geçilişi ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Ulag geçelgelerini ösdürmekde, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmekde munuň ähmiýeti örän uludyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Noýabr 2025 | 20 okalan

ÝAKYMLY TÄSIRLERI DÖREDEN SÖHBETDEŞLIK

24 Noýabr 2025 | 12 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY