Her ýylyň 21-nji noýabrynda dünýä ýurtlary Bütindünýä telewideniýe gününi belläp geçýärler. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1996-njy ýylda döredilip, telewideniýäniň jemgyýetde tutýan möhüm ornuna ünsi çekýär. Telewideniýe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini birleşdirýän, maglumat berýän we adamlaryň arasynda özara düşünişmegi üpjün edýän täsirli serişdeleriň biridir.
XX asyryň başlarynda tehnologiýalaryň ösüşi netijesinde dörän telewideniýe gysga wagtyň içinde bütin dünýäde giňden ýaýrady. Ilki habarlary ýaýradýan serişde hökmünde peýdalanylyp, soňlugy bilen telewideniýe bilim, medeniýet, sungat ugry boýunça hem giň gerimli mümkinçilikleri açdy. Häzirki döwürde dünýäniň islendik künjeginde bolup geçýän wakalar sekuntlaryň içinde teleýaýlymlaryň üsti bilen köpçülige ýetirilýär. Telewideniýe diňe bir maglumat ýa-da güýmenje serişdesi bolman, eýsem jemgyýetiň kämilleşmegine, adamyň intellektual we ruhy ösüşine täsir edýän möhüm medeni platformadyr.
Ýurdumyzda telewideniýe ulgamy medeniýeti ösdürmekde, halkymyzyň baý taryhy we ruhy mirasyny dünýä ýaýmakda uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe milli teleýaýlymlar üstünlikli hereket edip, olar ylym-bilim ösüşlerini; milli däp-dessurlary, halk döredijiligini, milli sporty we sungaty giňden wagyz edýär. Teleýaýlym gepleşikleri halkymyzyň baý mirasyna esaslanýar we ýurdumyzyň häzirki ösüşlerinde möhüm orun tutýar.
Telewideniýe dünýäni birleşdirýär, habarlary paýlaşýar, medeniýetleri ýakynlaşdyrýar we parahatçylygyň hem ösüşiň ýollarynda halkara köpri bolup durýar.
Manzura BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi.












