Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli däp-dessurlarymyza, milli ýol ýörelgelerimize uly hormat goýulýar. Tejen şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň şeýle hem beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Toýçyýewalaryň öýlerinde tara, gapjyk dürli görnüşli ýantorbalar ýaly önümleriň taýýarlanylyşy sergisi gurnaldy. Bu serginiň maksady bolsa, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyza goýulýan belent sarpadan ugur alyp, milliligimiziň ýitip gitmezligini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekden ybarat boldy. Bu sergide Aýgözel Toýçyýewa öz döreden keşdeleri tara, haly sungaty barada gyzykly gürrüňleri berip, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdy.
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi
“GYZ EDEBI SANDYKDA”
04 Noýabr 2022
12897

Meňzeş habarlar
01 Awgust 2025
| 45 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
AWAZA FORUMY — NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ KEPILI
31 Iýul 2025
| 54 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ENELERIŇ GÖRELDESI – NESILLERIŇ ÝÖRELGESI
28 Iýul 2025
| 537 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>