Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ata arzuwy, ene mähri bilen maşgalada perzent dünýä inýär. Ol ata-enäniň göz-guwanjyna öwrülýär. «Iki aýakly iki günde» diýlen, düýnki çaga ýigit çykýar, uly gyz bolup ýetişýär. Ata-ene halal duz iýdirip, geýmedigini geýdirip, perzendini kemala getirýär. Ata-ene perzendine söýgüsinden durmuşda mert, pähimli kişä öwrülýär. Şeýle arzyly ykbal üçin olaryň öňünde borjuň ulydyr. Ilkinji we esasy borç — bu ýürekdeşlik. Ezizleriň bilen ýürekdeş bol, kalp edebini berjaý et! Duşuşyk şular dogrusyndaky söhbetlere baý boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagynda döwlet tarapyndan bimöçber aladalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi
MAŞGALAM – BAŞ GALAM
25 Noýabr 2022
15221
Meňzeş habarlar
19 Noýabr 2025
| 17 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ŞANLY SENÄ BAGYŞLANAN AÝDYM-SAZLY SÖHBETDEŞLIK
19 Noýabr 2025
| 15 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
ŞATLYKLY PURSADYŇ ŞANYNA
19 Noýabr 2025
| 16 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>












