WAGYZ – NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň esasynda döwletimizde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, iň kämil tehnologiýalary ulgama giňden ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary – bagtyýar geljegiň binýady” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa we Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Sopyýew dagylar çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirkizaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda döredip berýän mümkinçiliklerini, berýän öwüt-nesihatlaryny düşündirmek, şeýle hem okuwçylary paýhasly pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli häsiýetleriň esasynda terbiýelemek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklygy hem-de Watanymyza mynasyp ýaşlary kemala getirmek baradaky çykyşlar diňlenildi.

 

Oýdin AŞIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça hünärmeni.