MEDENI-MIRASYMYZ HALKYMYZYŇ GENJI-HAZYNASY

Ata-babalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten gadymy däp-dessurlar, ýörelgeler, ýadygärlikler mahlasy ýaşap geçen nesillerden galan medeni durmuşa degişli zatlaryň ählisi halkymyzyň buýsançly milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýüzüniň tuwagy bolan milli mirasymyzy nesillere ýetirmekde, ony dünýä ýaýmakda ýurdumyzda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý milli mirasynyň içgin öwrenilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Watana, geçmiş taryhymyza bolan söýgi şol halkyň milli mirasyna milli medeniýetine we dünýä beren gymmatlyklaryna bolan söýgüden başlanýar.  Köki alys geçmişiň müňýyllyklaryna siňip gidýän türkmen halkynyň baý taryhyny öz içine alýan taryhy ýerlerinde tapylan muzeý gymmatlyklary, maddy we ruhy gymmatlyklary, tebigata degişli gymmatlyklary, şekillendiriş sungatynyň eserleriň seýrek nusgalary ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanylýar we ylmy taýdan öwrenilýär. Muzeýleriň maksady medeniýetlilige ugrukdyrmakdan, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halka söýgi döretmekden ybaratdyr. 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerimize bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, ”Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli  Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan “Ýylyň şygary – döwrüň çyragy” atly sergä tomaşa etmek maksady bilen, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Medeni-mirasymyz halkymyzyň genji-hazynasy” atly gezelenç gurnady. Gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa we Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri M.Baýramow dagylar çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Mart 2023 | 31 okalan

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

24 Mart 2023 | 22 okalan

BAHAR GELDI ILIME