21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, medeniýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri gowulandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Medeniýet ministrligini we onuň edaralaryny dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, düzümini üýtgetmek boýunça hödürlän tekliplerini makullap, hormatly Prezidentimiz bu ugurda düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan işe girizmäge taýýarlyk görülýän «Halkbank terminal» täze mobil ulgamynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda işleri amala aşyrmaga işjeň girişmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine karz serişdelerini bermek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler, ýeralma bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2 müň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 2 müň tonna önüm saklar ýaly täze sowadyjy ammarlary gurmak, häzir hereket edýän 4450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Degişli Karara gol çekip, milli Liderimiz wise-premýere bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatyny diňläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara gözegçiligi güýçlendirmegiň, ýerine ýetirilýän işleriň hiline hem-de şolaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen däbe öwrülen gatnaşyklaryna uly üns berip, energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly strategik ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Şoňa görä, milli Liderimiz degişli wise-premýere özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek hakyndaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada beren hasabatynda şu maksat bilen hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawyna seljerme geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şolaryň hatarynda Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi bar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky, ilkinji nobatda, öňde durýan wezipeleri doly ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz şu ýylyň dowamynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny ýokary derejede guramak barada medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda täze okuw ýylyna, Bilimler we talyp ýaşlar gününe oňat taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli wise-premýere ýaşlaryň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirip, intellektual kuwwaty artdyryp, öz ukyp-başarnyklaryny doly derejede amala aşyryp bilmegi üçin bilim hem-de terbiýeçilik işini has-da kämilleşdirmek, ähli şertleri döretmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 15-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde açyljak 75-nji ýubileý mejlisinde beýan ediljek ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiziň baş pikirleriniň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe möhüm ugurlary özünde birleşdirýär. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz döwletimiziň ikitaraplaýyn hemde köptaraplaýyn görnüşde, abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem giň köpçülige ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny ýetirmek hem-de halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň bu mejlisiň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Gürrüň ýerlerde, welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde Konstitusion kanunyň taslamasyny Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak barada barýar. Milli Liderimiz umumymilli forumyň gün tertibine giriziljek meseleleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny belledi. Şol mejlisde taryhy çözgütler kabul ediler. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň işlerini kämilleşdirmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz degişli wisepremýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
25.08.2020ý.











