GYZ EDEBI SANDYKDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde zenanlara goýulýan sarpa, olar barada alnyp barylýan asylly işler ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar.

     Türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhaslyk, salyhatlylyk, mylakatlylyk ýaly inçeden edaly mährem duýgulary ene-mamalarymyzyň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip geldi. Şol milli häsiýetleri ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen ýetirmek, ýaşlarymyzyň kalbynda bu mukaddesliklere söýgi döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta, ýörite orta, başlangyç hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat mazmunly duşuşyklar yzygiderli guralýar.

     Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Gyz edebi sandykda» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna, şol ýokary okuw jaýynda bilim alýan talyp gyzlar, mugallymlar, kümüş saçly mährem eneler hem-de ýaşlar gatnaşdy.

     Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Göwher Kakageldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Arzygül Hallyýewa hem-de Mary şäheriniň ýaşaýjysy, şäher Zenanlar bölüminiň agzasy, mährem ene Altyn Mämmedowa çykyş edip, olar zenanlarymyzyň mähek daşyna deňelýän eziz ýurdumyzda olara goýulýan hormat, aýratyn sarpa barada buýsançly belläp, zenanlarymyzyň maşgala ojagynyň daýanjydygy, ähli gözellikleriň seresidigi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Gyz edebi, zenan gözelligi we abraý mertebesi baradaky buýsançly gürrüňler çykyşlaryň özenini düzdi. Duşuşygyň dowamynda «Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Mähri SAPAROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 106 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI