Ata-babalarymyzyň uzak döwrüň dowamynda kämilleşen baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Öz döwründe jemgyýetde ahlak we ruhy kämilligiň berkemegine uly täsir edişi ýaly, biziň bagtyýar zamanamyzda hem durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşy arassa ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimizden we şöhratly taryhymyzdan biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatlyklaryň jemlenen ýerleriniň biri hem terbiýeçilik mekdebidir. Şol terbiýeçilik mekdebiniň asylly ýörelgeleri halk hakydasynda nesilden-nesle geçip, bu günki günde häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň ösen döwri bilen utgaşdyrylyp, terbiýeçilik mekdebinde akyl-paýhasyň, edep-ekramyň sazlaşygynda aýratyn nusgalyk derejä çykýar.
Halkymyzyň şöhratly taryhyny milli terbiýeçilik mekdebinde ebedileşen ruhy medeniýetsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şonuň üçin ýaşlaryň ata-enä bolan hormaty, olaryň öňündäki borçlary, kiçiniň ula, aýratyn hem ýaşululara bolan sylagy, ahlak däpleri uly ähmiýete eýedir. Olar diňe bir ynsanperwerligiň alamaty bolman, ulularyň akyl-paýhasyna, durmuş tejribesine, bitiren we bitirjek işlerine bolan hormatyny, buýsanjyny hem aňladypdyr. Bu ahlak gymmatlyklaryň ýüze çykyşynyň we wagyz nesihatyň mysallaryny «Oguznamada», «Gorkut atada», «Keý-Kowusda», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azadynda», Magtymgulynyň we beýleki akyldarlaryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Ata bilen perzent gatnaşyklary baradaky milli garaýyşlar Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki perzendiň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirleri we şygyrlary ynsan aňyna, ahlagyna güýçli täsir edýän arassa öwüt-ündewler hökmünde kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany bolsa, döwrümiziň ýaşlaryny milli ýol-ýörelgeler esasynda terbiýelemeklikde elýetmez gymmatly ylmy çeşmedir. Romanda Mälikguly aganyň Watanyna, halkyna, maşgala wepalylyk, zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, mertlik, edermenlik ýaly ajaýyp häsiýetleri ýaşlarymyza nusga alarlykly terbiýeçilik mekdepdir. Bu ajaýyp romanda beýan edilýän wakalar bolsa, ýaşlaryň durmuşa bolan garaýyşlaryny düýpli kämilleşdirmeklerine örän uly täsir edýär.
Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň her bir döredýän ajaýyp eserlerini özümize baş ýörelge edinip, häzirki wagtda welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalary, harby, hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýaşlary döwür bilen aýakdaş terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, jemgyýetçilik işlerine gatnaşygyny ýokarlandyrmak, millilik, ahlaklylyk, edep-ekramlylyk barada düşünjelerini kämilleşdirmek we olaryň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen welaýatymyzyň orta, ýörite orta, başlangyç hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, okuwçylaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygider dowam etdirýäris.
Türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda, aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hojaberdi BABAÝEW,
Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.