SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, etrabyň Bilim bölüminiň şeýle hem 2-nji sport mekdebiniň bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça etrabynyň Sport desgasynda «Saglygym — baş baýlygym» atly bäsleşik geçirildi. Gyzgalaňly oýun ýaş okuwçylardyr mugallymlaryň arasynda uly şatlyk-şowhun döretdi. Täsirli geçen bäsleşikde birinji orna 27-nji orta mekdebiniň, ikinji orna 4-nji orta mekdebiniň we üçünji orna bolsa 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür we işleriniň rowaç bolamagyny arzuw etdiler.

 

Nury NURYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 69 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI