Asyrlardan-asyrlara aşyp häzirki güne çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän edebiýat äleminiň gymmatly eserleri türkmen halkynyň bütin taryhy bilen birlikde, däp-dessurlaryny, ruhy-medeni durmuşyny häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» şadessany, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Abdylla Şabendäniň, Mahmyt Gaýybynyň, Gurbanaly Magrupynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Garajaoglanyň we köp sanly beýleki şahyrlaryň eserleri hem gymmatly çeşmelerdir.
Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi döredijilik äleminiň täsinligi barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: «Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar. Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bitewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar.»
XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýän beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz beýanyny tapypdyr. Bu temadan Magtymguly «Janyna degmez», «Durasyň geler», «Ýör biläni», «Il ýagşy», «Zor bolar», «Bolar sen», «Aýrylma» ýaly dürli şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyryň giň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp şygyr älemi häzirki döwrüň edebiýat dünýäsine gadam uran her bir ýaş nesilleriň görelde mekdebi bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň häzirkizaman türkmen edebiýatyna gelip ýeten ajaýyp dürdänelerini, ýygyndylaryny okan islendik okyjy şahyryň müň dürli öwüşginli şygyrlar dünýäsine syýahat eder we onuň duýgular älemine siňer. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär.
Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem, halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr. Şahyryň melhem şygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir. Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy.
Beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar türkmen döwleti öz häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Bir döwlete, bir maksada gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly atamyz şamçyrag bolup şugla saçýar.
Ismail ÝAKUBOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.