DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

      Paýhas ýüki ýetik şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek, hem-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijiligine gol beren ýaşlar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatrynda bagtyýar ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde, ruhy we ahlak kämilligini gazanmakda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, däp-dessurlarymyzyň hyzmatynyň çäksizdigi beýik akyldarymyzyň gymmatly edebi mirasynyň mysalynda hem aýdyň bolýar. Döredilen gününden bäri Gündogaryň beýik söz ussadynyň adyny uly hormat bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmeginde ähli tagallalary orta goýup gelýär. Şeýle jogapkärli işde umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymguly atamyzyň paýhasly şygyrlarynyň ýol görkeziji, edep mekdebi bolup gelýändigi guwandyryjydyr. Şol mekdebiň edep-terbiýesini alan bagtyýar ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty, mizemez daýanjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň bosagasynda öz halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň mazmunynda şeýle mizemez hakykatyň buýsançly beýanyny ähli aýdyňlygy arkaly görýäris diýip belläp geçdiler.

      Döredijilik duşuşygynyň dowamynda, görkezilen welaýatyň sungat ussatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň erkana durmuşyň waspyny edýän aýdymlary bilen dowam etdirildi we biz ýaşlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän  Milli Liderimiz, halypamyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 67 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI