SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 2-nji sport mekdebinde ýaş türgenleriň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa şol mekdebiň ýaş türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýurdumyzda sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine uly üns berlip, ýaş nesillerimiziň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin sport desgalary, sport mekdepleri we dynç alyş merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Şular bilen baglylykda etrabymyzyň 2-nji sport mekdebinde-de yzygiderli çärelerdir bäsleşikler ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilip, işjeň gatnaşan türgenlere TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

 

Şöhrat MÄMMETHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT