GEZELENÇ ÇÄRESI GURALDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin «Salkyn kenar» medeni dynç-alyş seýilgähine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda çagalar aýdymdyr-tanslary ýerine ýetirip, attraksion oýunlaryny oýnadylar we dynç alyş wagtlaryny has-da täsirli geçirdiler.

      Gezelenje gatnaşan çagalar Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT