GÜL-GUNÇALY DIÝARDA BAGTYÝARDYR KÖRPELER

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Gyzylarbat etrabynyň «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde körpeleriň oňat dynç almaklaryny, medeni-köpçülik çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak we sporta höweslendirmek maksady bilen, «Gül-gunçaly Diýarda bagtyýardyr körpeler» atly sport ýaryşy geçirildi. Ýaryş çekeleşikli ýagdaýda geçip, onda körpeler sportuň birnäçe görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

     Çärä işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT