SPORT – SAGDYNLYGYŇ GIREWI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport – sagdynlygyň girewi» atly şygar bilen sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde çagalar öz ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny açyp görkezmegi başardylar.

     Ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çärä gatnaşan körpeler özlerine döredilýän mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-nyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 47 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 44 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 38 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY