AWAZA – BAGTYÝARLYK MEKANY

    Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da şowhunly geçirmek maksady bilen olaryň arasynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek, gumdan şekil ýasamak we suwda ýüzmek boýunça bäsleşikler geçirildi.

    «Balkan» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen bäsleşik özüniň täsirliligi we ýatda galyjylygy bilen tapawutlanyp, onda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan körpejelere bolsa, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Rejepmämmet GAÝYPOW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT