SAGDYN NESIL – BAGTYÝAR GELJEK

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan, tomusky dynç alyş möwsüminde Awazadaky «Balkan» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil – bagtyýar geljek» atly şygar bilen sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşik örän gyzgalaňly we şowhunly geçdi. Bäsleşigiň ahyrynda işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan körpejelere TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT