Ýakynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça hem-de surat çekmek boýunça bäsleşikler geçirildi. Öz wagtlaryny şadyýan, netijeli geçirýän çagalar deň duşlary bilen bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, şeýle hem gurnaýjylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan körpe nesiller döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurjemal NEPESOWA
Aşgabadyň dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-nyň
Sanly ulgam boýunça hünärmeni.