Türkmen halky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan şöhratly taryhy, milli medeniýeti, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişine ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýerler we medeni ýadygärlikler, ojaklar hem şaýatlyk edýär. Şeýle gadymy ýerleriň biri-de Amul galasydyr. Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän bu şäher orta asyrlara degişli edilýär. Şäher merkezi bölekden, içki galadan we ýerli ilatyň senetçilik we ýaşaýyş ýerlerinden ybarat bolupdyr. Ol Amyderýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşipdir. Gündogary öwreniji arheologlar öz taryhy işlerinde Amyderýanyň Kelif derýasy, Ürgenç derýasy, Balh derýasy, Amul derýasy, Horezm derýasy ýaly atlarynyň bardygyny belleýärler. Gündogar taryhyny öwreniji W.W. Bartoldyň pikiriçe irki döwürlerde Amul diýlip atlandyrylýan bu şähere XVI asyrda «Çarjuw galasy» diýlipdir. Amulyň berkitmeli merkezi bölegini gurşaýan senetçilik hem-de ýaşaýyş ýerleriniň meýdany 150—175 gektar töweregi meýdany eýeläpdir. Galanyň daşy suw bilen gurşalyp, onuň içinde meýdança, kazarmalar, azyk ammarlary, bag we howuzly köşk gurlupdyr. Taryhy maglumatlara görä, şäheriň ilaty esasan hem ekerançylyk we senetçilik bilen meşgullanypdyr. Palçykdan ýasalan haýwan şekilleri, dürli küýze gaplary ýerli senetçileriň ussatlygyndan habar berýär. Şäheriň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde bu ýerden kerwen ýollary hem geçipdir.
Taryhy öwrenijileriň ylmy işlerinde Amulyň baý bazarlary baradaky maglumatlara kän duşmak bolýar. Türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan galanyň golaýynda ylmy işler alnyp barlyp, baý arheologik materiallar yzygiderli öwrenilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Amul şäherçesinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde bu taryhy ojagyň ýaşaýyş mähellesinde, ýagny Erkgalada uly aşhana tapyldy. Bu ýerden tapylan kül, iri we ownuk haýwanlaryň köpsanly süňk bölekleri, şeýle-de keramiki önümler bu ýeriň nahar bişirilýän ýer bolandygyna doly şaýatlyk edýär. Ýene-de syrçaly keramiki bölekler, syrçalanmadyk küýzeler we käseler ýaly tapylan tapyndylar bu ýerde senetçiligiň bolandygyna şaýatlyk edýär.
Içki galada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bolsa toýun möhür tapylypdyr. Onuň ýüzünde dag goçunyň şekili çekilipdir. Möhüriň diametri 5 santimetr, tutawajynyň uzynlygy-da 5 santimetr. Şuňa meňzeş möhürler ýurdumyzyň çägindäki gadymy ojaklaryň käbirlerinde hem tapylypdyr. Alymlar möhüriň kerwen ýollaryndan geçýän ýüklere bellik goýmak üçin ulanylan bolsa gerek diýip çaklaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasyny öwrenmek, olary gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda anyk ädimler ädilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» diýen at bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi-de berkarar döwletimizde şöhratly taryhymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi we ruhy gymmatlyklarymyzy goramak we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlerden habar berýär. Bu halkara foruma ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri hem-de dünýä döwletleriniň alymlary, taryhçylary, arheologlarynyň köpsanlysy gatnaşdy. Bilşimiz ýaly, halkara maslahatyň geçirilmegi geçen ýyl üç döwletiň ― Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan ― Garagum geçelgesi» atly hödürnamasynyň çäklerinde bu döwlete degişli taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bilen baglydyr. Bu hödürnamanyň sanawyny düzýän taryhy ýadygärlikleriň 7-si Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşmek bilen, şolaryň biri-de gadymy Amul galasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda uly yz goýan bu gadymy gala geçen asyryň ikinji ýarymyndan bäri ýerli we daşary ýurtly arheologlar tarapyndan öwrenilýär. Indi bolsa ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyndan orun alan ýadygärligi has içgin öwrenmek babatynda işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda taryhy ýadygärlige gezelenç edildi. Şeýle-de maslahatda edilen çykyşlarda Amul galasyny öwrenmek bilen bagly alnyp barlan işler dogrusynda arheologlaryň täsirli çykyşlary diňlenildi we anyk teklipler orta atyldy. Bu halkara ylmy-maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýadyny döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişligine giňden ýaýmakdan ybarat. Milli medeniýetimizi we şöhratly taryhymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin.
Rahman ERGEŞOW,
TMÝG-niň Ýaşlar guramasynyň Lebap
welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.